Dark
Light
28.01.2026
7c49eebe6c81d6b8c513e65124500798 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Tebigat – gözelligiň gönezligi 

05.06.2025

Häzirki döwürde adamlaryň gözellik duýgularynyň täsin gurluşy bilen döredijilik eserine meňzeýän, ýurdumyzyň ajaýyp künjekleriniň, obalarymyzyň hem şäherlerimiziň görkünden heýjana gelýän joşgunyny duýýarlar. Obalarymyzyň, şäherlerimiziň gök baga bürenip, gülleriň mekanyna öwrülmegi topragymyza bereket, howamyza tenekär eçildi. Gözbaşy gözellige bolan söýgüden başlanýan ynsanperwer çäreler howanyň, suwuň, topragyň geljekki nesiller üçin goralyp saklanmagyny üpjün etmäge-de gönükdirilendir.

Daş-töweregimiziň, köňülleriň gözelliginden tutuş dünýäniň geljeginiň gözelligi görünýär. Sebäbi, biz bu günki günde eziz Watanymyzy eý görüp, onuň her daban ýeriniň aýalyp, gül öwüsmegini isläp, tutuş tebigata yhlasymyzy bagyş edýäris. Umumy tagallany talap edýän ekologiýa ýagdaýynyň sazlanmagyna täsirimizi ýetirýäris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem, daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak hem-de geljekki nesiller üçin arassa we sagdyn gurşawy üpjün etmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellärliklidir. Her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekişlik dabaralary bu ugurda edilýän tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem, ýaşlaryň ekologiýa işlerine işjeň çekilmegi, ekologiýa medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna hyzmat edýär.

Eziz Diýarymyzda tebigy gaz serişdelerini dünýä bazaryna ekologiýa taýdan howpsyz we arassa görnüşde ýetirmek babatynda öňdebaryjy tejribe toplandy. «Ýaşyl energetika» ulgamynda hem birnäçe başlangyçlar öňe sürülýär. Gün we ýel energiýasyny peýdalanmak boýunça alnyp barylýan barlaglar we taslamalar ýurdumyzyň bu ugurda hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.

Munuň bilen birlikde, Türkmenistanyň bilim ulgamynda hem ekologiýa taýdan sowatly nesilleri ýetişdirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda tebigaty goramak bilen baglanyşykly sapaklar we çäreler geçirilýär. Bular ýaşlarda tebigata bolan söýgini, hormaty kemala getirýär.

Tebigy gözellik bilen ynsanyň yhlasy gatylan gözellik utgaşanda, dünýä hemişe abadandyr. Goý, biziň dünýämize şeýle abadanlyk ýaran bolsun! Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwer ýörelgeler bilen paýhasyň hem gujur-gaýratyň gözelligini dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Sedarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Altyn MEREDOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza festiw THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awazada halkara tans we folklor festiwaly açyldy

tebigat bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Daşky gurşawyň saglygy — nesilleriň baýlygy

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop

Don't Miss