Bitaraplyk – ýurdumyzyň sarsmaz geljegidir

10.03.2024

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Türkmenistan watanymyz dünýäde oňyn bitarap daşary syýasaty alyp barýar. Eziz watanmyzyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde  kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň dünýä bileleşigine girýän döwletler tarapyndan biragyzdan goldanylyp ykrar edilmegi eziz watanmyzyň dünýä ýüzündäki at abraýyny arşa galdyran wakalaryň biri boldy.

Eziz Türkmenistan döwletimiziň bitaraplyk derejesini almagy barada aýdylanda biziň watanymyz dünýä bileleşigi tarapyndan bitaraplyk derejesi ykrar edilen ilkinji döwlet derejesine eýe bolmagydyr.

Bitaraplyk näme?

Bitaraplyk bu  “neutral” (neýtral) atly sözden gelip çykyp “oňada däl–muňa-da” diýen manyny berýär. Beýle diýildigi, Türkmenistan dünýä ýüzünde bolýan uruşlara dawalara, harby hereketlere goşulman dünýäde parahatçylygy goramaga we üpjün etmäge öz goşandyny goşýan döwlet bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Harby doktrinasy hem döwletiň bitaraplyk syýasatynyň talaplaryna laýyk gelýän kadalara görä düzülen hukuk kadasydyr. Muňa mysal edip, harby doktrinamyzda beýan edilýän “Türkmenistan hiç bir döwlete öz duşmany hökmünde garamaýar, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmaýar, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere gatnaşmakdan ýüz döndürýär we öz serhetlerine we döwlet garaşsyzlygyna howp salýan agressiýa hereketlerine garşy harby güýjüni ulanmagy borç hasaplaýar” diýen böleklerini aýtsak ýalňyşmarys.

Kemal GURBANOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:12 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 16°C
ясно
Humidity 46 %
Pressure 1022 mb
Wind 6 mph
Wind Gust Wind Gust: 8 mph
Clouds Clouds: 5%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Aşgabatda we Arkadag şäherinde teatr sahnalary we beýleki medeni çäreler

Next Story

Ultra melewşe şöhläniň adamyň gözüne ýetirýän zyýanly täsiri

Soňkylar Makalalar

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly
GitTop