Ykdysady kuwwatyň uly serişdelerini özünde jemleýän, ýokary hilli harytlary çykarmaga ugur alan, ekologiýa taýdan arassa iň güýçli tehnologik önümçilikler halkara bazarlarynda Türkmenistanyň dokma önümleriniň ýokary abraýyny üpjün edýär. Türkmen dokma önümleri arassa, nah matalara isleg bildirýän sarp edijileriň ünsüni özüne çekýär. Şu jähetden, paýtagtymyz Aşgabatda «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Milli dokma senagatynyň önümleri isleg-talaplary barha ösýän sarp edijileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Dokma harytlarymyz ekologiýa taýdan arassalygy, gelşikli dizaýny, ýokary hili, döwrebaplygy, bahasynyň elýeterliligi bilen bazarlarda uly islege eýedir. Dokma kärhanalarynyň dizaýnerleri nah we garyşyk matalardan çagalar we ulular üçin amatly, göze gelüwli egin-eşikleri taýýarlaýarlar. Önümiň täze tapgyry döredilende, möwsümleýin talaplar we alyjylaryň islegi göz öňünde tutulýar. Şunda, esasan, hil-rahatlyk — oňaýlylyk ýaly marketing ýörelgesinden we amatly nyrh syýasatyndan ugur alynýar.
Şunuň bilen baglylykda, «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň birnäçe dokma kärhanalary bilen bir hatarda, Aşgabadyň we Baýramalynyň dokma toplumlary-da dürli görnüşli önümlerini hödürleýärler. Milli dokma kärhanalarymyz möwsüme görä öndürýän önümleriniň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak bilen, sarp edijileriň barha ösýän isleglerini kanagatlandyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, «Nusaý», «Bedew», «Gala», «Bürgüt» haryt nyşanly tomus, güýz möwsümine laýyklykda taýýarlanylan egin-eşikler sergä gatnaşýanlaryň ünsüni çeken esasy harytlar boldy.
Şeýlelikde, Aşgabat şäherinde geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarka diňe bir ykdysady we işewürlik bähbitleri üçin däl, eýsem, medeniýetleriň, dokmaçylyk däpleriniň özara baýlaşmagy üçin hem amatly meýdança bolup hyzmat edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasat strategiýamyzda ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini nobatdaky gezek tassyklaýar.
Begendik DÖWLETÝAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.