dim THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwerlik kömegini berýär

17.06.2025

Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin Türkmenistan tarapyndan öz çäginiň berilmegi boýunça tizden-tiz çäreler görülýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Häzirki güne çenli Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan 120-den gowrak adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdiler.

Gelen adamlar awtoulaglar, iýmit, myhmanhanalar we ilkinji nobatdaky zerur serişdeler bilen üpjün edildi.

Ynsanperwer işi durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we halkara guramalary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarlar.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan ynsanperwerlik, halkara hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da möhümdir.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
110625 0014 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täsirler gursakda, pursatlar suratda (fotogalereýa)

photo 2025 06 17 10 29 22 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitine gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop