Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine geldi. Ol “Merkezi Aziýa – Hytaý” ikinji sammitine gatnaşar. Gazagystanyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny Premýer-ministr Olžas Bektenow we beýleki resmiler garşyladylar.
Bu sammitiň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdyr. Liderler syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
2024-nji ýylyň jemleri boýunça Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 555,7 million dollar boldy. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň durnuklydygyny görkezýär.