Dark
Light
25.01.2026
09 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan halkara küşt ýaryşynda 19 sany medal gazandy

19.06.2025

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy. Ýaryşa gatnaşan küştçüleriň görkezen oýunlary netijesinde olaryň toplan utuklary boýunça orunlar kesgitlenilende, Watanymyz Türkmenistana wekilçilik eden ýaş zehinli oglan-gyzlarymyz aýratyn tapawutlanmagy başardylar. 

Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda küştüň rapid görnüşi boýunça umumy medal hasabatyndan belli bolşy ýaly, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş küştçülerimiz – 3 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç, jemi 10 medallary gazanyp, birinji orna mynasyp boldular. 

13 THE ASHGABAT TIMES

Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Aşgabat şäherindäki  Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda küştüň RAPID we BLITZ görnüşi boýunça umumy medal hasabatynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş we 6 bürünç – jemi 19 sany medal gazanyp, birinji orun eýelemek bilen ýaryşyň ýeňijisi boldy.

16 1 THE ASHGABAT TIMES

Ikinji orna 4 altyn we 3 kümüş – jemi 7 medal gazanan Özbegistan Respublikasyndan gelen ýaş küştçüler mynasyp boldular. Üçünji orny 1 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç – jemi 7 medallary gazanmagy başaran Gazagystan Respublikasynyň ýaş küştçi oglan-gyzlary eýelediler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistana meýdança eýesi hökmünde 81 küştçi (41 oglan we 40 gyz) wekilçilik etdi. Halkara ýaryşyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we ýurduň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleri şäheri» derejesine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde guralandygyny hem ýatladýarys. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

11 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy

jwy3afpfz1ucdh5oqjmw5cgwwuovdkthndujmfzx THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop