c6ce454938dff27c013724e5ca39a413 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Telekommunikasiýalar pudagynyň yokary hilli osüşleri

20.06.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly, “akylly” ulgamlar we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly, “akylly” ulgamlar we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. 

Milli Liderimize ilkinji gezek Arkadag şäherinde ornaşdyryljak 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklary, onuň gurşap alýan çägi we bu tehnologiýanyň degişli düzümlerdir pudaklar hem-de “akylly” şäher, “akylly” öý ulgamlary, saglygy goraýyş, bilim, senagat, oba hojalyk pudaklarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin ähmiýeti barada hasabat berildi. Bu innowasion tehnologiýanyň bir inedördül kilometr meýdançada ýüz müňlerçe enjamy birikdirip, sazlaşykly işletmek mümkinçiligi bar. 5G tehnologiýasynyň «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasynyň mümkinçilikleri esasynda işlemegi ýygylyk zolagynyň işiniň degişli derejede alnyp barylmagyny üpjün eder.

Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýady döwrüň talaplaryna we hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna laýyklykda ulgamlaýyn kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron hökümet hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kosmos işi hakynda», «Radioýygylyk spektri hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» we başga-da birnäçe Kanunlar hereket edýär.

Türkmenistan milli telekommunikasiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyga açykdyr. Şeýle hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa sebitiniň ägirt uly üstaşyr geçirijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryny ornaşdyrmaga, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny üstünlikli ösdürmäge ýardam berer. Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portallaryny döretmek ýaly ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze sanly önümleriň iş ýüzünde giňden ulanylýandygy bellärliklidir. 

Türkmenistany dünýä ähmiýetli iri halkara telekommunikasiýa merkezine öwürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän netijeli işler ýurdumyzyň ösüşine kuwwatly itergi beryär.

Kasymmyrat DURDYÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sport new 22 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sport ýaryşlary: kämillige badalga

c5cf942308c51a820635aee0aaa40c45 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkymyzyň medeni milli mirasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop