Dark
Light
28.01.2026
c5cf942308c51a820635aee0aaa40c45 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Halkymyzyň medeni milli mirasy

20.06.2025

Halkymyzyň taryhyny öwrenmek, gorap saklamak, maddy we ruhy mirasyny dünýäde wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Bu işleriň durmuşa geçirilmeginde muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Olar halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasyny saklaýjylar hem-de ýurdumyzyň iri ylmy merkezleridir. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy, özboluşly däp-dessurlary, häzirki döwürdäki ägirt uly gazananlary ýurdumyzyň baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Täze taryhy döwürde milli medeniýetimiziň düýpli öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy, geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda zerur işler durmuşa geçirilýär. Muzeýlerde medeni gymmatlyklary ýüze çykarmak, toplamak, ylmy esasda öwrenmek we gorap saklamak, olary ilatyň arasynda wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. 

Häzirki wagtda döwlet muzeýleriniň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak we ilata edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Maglumat tehnologiýalary, emeli aň, kompýuterleriň mümkinçilikleri muzeý işini ösdürmekde täze gözýetimleri açýar. Gözleg işleriniň ýadawsyz alnyp barylmagy netijesinde, taryhy tapyndylar öz syrly täsinliklerini açýar. Çünki medeniýet adamzadyň ruhy dünýäsiniň özenini emele getirýär.

Gözelligiň we nepisligiň ykrar edilen nusgasy bolan türkmen halysy halkymyzyň gymmatly baýlygy hem buýsanjy, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan bahasyz goşandydyr. Haly diňe bir türkmeniň gadymdan gelýän däpleriniň kämil derejede ýüze çykmasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkyň ýaşaýyş baradaky filosofiýasynyň çeperçilik taýdan “janlanmasydyr” hem. Ýeri gelende ýatlasak, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan, nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat beripdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Diýarymyzyň çäginde diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat ähmiýetli taryhy-medeni gymmatlyklaryň köp sanlysy bar. Bahasyna ýetip bolmajak bu mirasy, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek boýunça möhüm meseleleri çözmekde alnyp barylýan döwlet syýasaty abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin oňyn şertleri üpjün edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň muzeýleri däbe öwrülen milli gymmatlyklaryň aýawly saklanylýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara medeni alyşmalar üçinem ajaýyp meýdançadyr.

Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň möhüm meselelerine uly üns bermek bilen, jemgyýetiň ruhy ýagdaýynyň kemala getirilmeginde ähmiýetli orun eýeleýän medeni aň-bilim edaralarynyň işinde döredijilik gözleglerini alyp barmagyň, oýlanyşykly çözgütleriň wajypdygyny nygtaýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň türkmen medeniýetiniň, sungatynyň özboluşlylygyna bagyşlanan çuň many-mazmunly eserleri aýratyn ähmiýete eýedir.

Hanjar PARHADOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

c6ce454938dff27c013724e5ca39a413 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Telekommunikasiýalar pudagynyň yokary hilli osüşleri

dasary ykdysady bank THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwlet daşary ykdysady iş bankyna «BB- durnukly» reýting derejesi berildi

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop