kitaphana THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly we türkmen medeniýeti

23.06.2025

Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy öz döredijiligi bilen halkymyza ägirt uly miras galdyryp, türkmen medeniýetiniň ösüşine uly täsirini ýetiripdir. Onuň edebi mirasy türkmeniň ýokary ahlak ýörelgeleriniň we milli ruhunyň aýdyň belentligini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň kitaphanamyzda hem beýik şahyryň kitaplary görnükli orny eýeleýär, şeýle hem Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär.

Kitaphanamyzda okyjylara Magtymguly we umumy türkmen medeniýeti barada giňişleýin maglumatlar hödürlenilýär. Şahyryň eserlerini wagyz etmek maksady bilen, okyjylar üçin ýörite maslahatlar we edebi çäreler guralýar. Bilşimiz ýaly, Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili — Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasyň merjenidir. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi, Köpetdagyň belentliklerinde Magtymguly Pyragynyň deňsiz-taýsyz heýkeliniň dikeldilmegi halkymyzyň milli buýsanjyny goşalandyrdy.

Şular bilen baglylykda, türkmen medeniýetini we milli edebiýatymyzy wagyz etmek Darganata etrap merkezi kitaphanasynyň işleriniň özenini düzüp, biziň kitaphanamyz ruhy we medeni mirasy öwrenmegiň esasy merkezine öwrülýär. Biz ― kitaphanaçylar Magtymgulynyň döredijiligi barada giňişleýin maglumat almak, ony öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek boýunça möhüm işleri alyp barýarys.

Nargiza HUDAÝBERGENOWA,
Darganata etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
caga tomus taplama THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çagalaryň şatlyga beslenýän günleri

kids ekso THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop