2025-nji ýylyň 21-23-nji awgusty aralygynda Aşgabatda «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Türkmen Expo» kompaniýasy bilen bilelikde guraýar. Çäre çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda möhüm waka, çagalaryň bilim hem-de ösüş pudagynda pikir we tejribe alyşmak üçin meýdança bolar diýlip çaklanylýar. Sergi çagalar üçin hyzmatlar pudagynda işleýän kompaniýalara öz innowasion önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga, täze bazarlara çykmaga we bu ugurdaky esasy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilikler döreder.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl sergä 90-dan gowrak eksponent gatnaşyp, oňa 10 müňden gowrak adam geldi.
«THE ASHGABAT TIMES».