parahat kepderi THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk söýüjilik strategiýasyny ilerledip

23.06.2025

Parahatçylyk — ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy. Parahatçylyk — gülläp ösüş. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Şu jähetden, 2025-nji ýylyň dünýäde hem-de Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek kabul edilip, türkmen Bitaraplygynyň häsiýetli aýratynlygy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan çuňňur öwrenilmäge başlandy. 2016-njy ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň 2-nji maddasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Kararnamalarynyň esasy mazmuny girizildi. Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary ähmiýetli taryhy wakasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunda saýlap alan bitaraplyk nusgasynyň taryhy ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Ýeri gelende, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk ýubileý senesi bilen utgaşykly sazlaşyp, şu ýylyň halkara ähmiýetini has-da artdyrýandygyny bellemek gerek. Şunda ýurdumyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli taýýarlan degişli Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan milli we ählumumy derejedäki möhüm ähmiýetli çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Ýeri gelende bellesek, bu eser halkymyzyň asyrlaryň dowamynda gazanan tejribesini we kämil ynsanperwer ýörelgelerini, bütin dünýäde ykrar edilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň çeper beýanyny özünde jemleýär. Mundan başga-da, Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby, «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Dowam bolsun!» atly goşgulary halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Bu kämil eserler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny açyp görkezýär.

Goý, ählumumy abadançylygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Aýna SÄTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:47 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
yhg kararnama THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

YHG-da Türkmenistanyň başlangyjy bilen Kararnama kabul edildi

medeniyet hepde THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döredijiligiň baýramy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop