Ata Watanymyzda medeniýete, sungata, edebiýata uly hormat goýlup, olara parahatçylygyň hem-de ruhy kämilligiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Şu jähetden, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi bu ulgamda alnyp barylýan işlere, onuň ösdürilmegine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Bu baýramçylyga gabatlanyp, her ýyl Diýarymyzyň bir sebitinde Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi bolsa döredijilik işgärlerini täze, döwrebap, ilhalar eserleri döretmäge ruhlandyrýar.
Bilşimiz ýaly, medeni diplomatiýa sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, köptaraply gatnaşyklary berkitmekde, milli medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda uly orny eýeleýär. Ata Watanymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi bu ugurdaky işleri netijeli durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetlidir. 2013-nji ýylyň iýunyndan bäri bu hünär baýramyna bagyşlanyp, her ýyl Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilýän Medeniýet hepdelikleri halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy, asyrlardan-asyrlara geçip gelýän däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Ynha, bu ýyl hem Medeniýet hepdeliginiň Ahal welaýatynda geçirilmegi, onuň çäklerinde dürli mazmunly medeni çäreleriň, konsertleriň, aýdym-sazly çykyşlaryň, sergileriň, döredijilik duşuşyklaryň, şygryýet agşamlarynyň, filmleriň we sahna oýunlarynyň görkezilişiniň meýilleşdirilmegi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň döwrebap ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Medeniýetiň bu ajaýyp toýy beýik döwrümiziň toýudyr. Ol her öýüň, her ynsanyň köňül baýramydyr. Hoş geldiň, Medeniýet hepdeligi!
Enejan MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.