Diplomatik hukugy tarapyndan kadalaşdyrylýan esasy ulgamlaryň biri hem diplomatik wekilhanalar bolup durýar. Olar wagtlaýyn – belli bir maksatly ýa-da hemişelik görnüşde bolýarlar. Döwletleriň arasynda diplomatik wekilçilik maksady bilen hemişelik ilçihanalaryň alşylmagy XV asyrda ýüze çykyp ugraýar we bu kada Günbatar Ýewropada Westfal ýaraşygyndan (1648) soň has giň ornap başlaýar.
Diplomatik hukugynyň häzirki zaman ulgamynyň sözüň doly manysyndaky esaslary XX asyryň başlarynda aýratyn halkara hukuk ulgamy hökmünde resmileşip ugrady. Ondan öňki döwürlerde diplomatik hukugy ilçihana hukugy, ýagny ilçileriň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän kadalar toplumy görnüşinde bolupdyr. Britan-amerikan hukuk edebiýatynda geçen asyryň başyndaky emele gelen diplomatik hukugynyň esasy bolup hyzmat eden ýörelgeleriň we kadalaryň toplumy “Diplomatiýany iş ýüzünde berjaý etmegiň Düzgünnamasy” diýlip atlandyrylýar.
Ol Düzgünnamada diplomatik gepleşikleriň geçiriliş kadalaryna aýratyn üns berilýär. Hususan-da, halkara hukugynyň döredilişiniň özi diplomatik gepleşikleriň dowamynda bolup geçýär diýilse, ýerlikli bolar. Gepleşikleriň we pikir alyşmalaryň dowamynda gatnaşýan taraplaryň, hususan-da, döwletleriň daşary syýasy maksatlary we ýörelgeleri, şeýle-de wajyp halkara-hukuk meseleleri boýunça garaýyşlar beýan edilýär. Taraplar gepleşikler ýoly bilen özara ylalaşylan garaýyşlary we çözgütleri işläp düzýärler. Netijede,
ol ýa-da beýleki kadalaýjy hukuk esaslar döredilýär. Soňra bolsa, gol çekilen halkara-hukuk resminamalary özara ylalaşýan taraplaryň içki kanunçylygyna laýyklykda tassyklanýar we diplomatik ýollar arkaly
ykrar edilmegi netijesinde olar güýje girýär.
Merjen Gurbannazarowa
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy