medeniyet hepde THE ASHGABAT TIMES

Döredijiligiň baýramy

24.06.2025

Mälim bolşy ýaly, Medeniýet hepdeligi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip, milli medeniýetiň köpöwüşginliligini aýdyň açyp görkezýär. Sungat forumy türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Medeniýet hepdeligi medeniýet toplumynyň agzybir işgärleriniň göwünlerini galkyndyrýan, döwletimiziň döredijilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrýan sungat baýramydyr». Şoňa görä-de, Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şöhratly wakalaryny has-da artdyryp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetli medeni çärä öwrüler.

Abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli dialogy ösdürmek ata Watanymyzyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda, medeniýete, sungata aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, daşary döwletlerde bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Diýarymyzda dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günlerini, şonuň ýaly-da, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini yzygiderli geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Olar dostana gatnaşyklarymyzyň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ýardam berýär» diýip belleýär. 

Şu gezekki Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde meşhur ýerine ýetirijileriň we ýaş zehinleriň çykyşlary, surat, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, golýazmalaryň, saz gurallarynyň sergileri, opera we teatr eserleriniň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen täze filmleriň görkezilişi, usulyýet çäreleri, okuw maslahatlary, metbugat maslahaty, aýdym-sazly, edebi döredijilik duşuşyklary, şygryýet agşamlary guralar. Bu çäreler milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, dünýäde wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek maksady bilen, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini açmak üçin möhüm ugurlary kesgitlemäge hem ýardam berer.

Muhammetmurat NARMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:46 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
parahat kepderi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk söýüjilik strategiýasyny ilerledip

cagalar ylgayan THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sapaly tomsuň gujagynda

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop