Gadymy Wawilonda matematikanyň ösüş taryhy

07.05.2024

Taryhy çeşmelerden belli bolşy ýaly, b. e. çenli IV asyryň ahyrlarynda Yrakda
Şumerleriň döwleti döreýär. Şumerler kagyzyň deregine palçykdan ýasalan esbaby,
galamyň ýerine bolsa – taýajygy ulanypdyrlar. Şeýlelikde olarda ýazuw (klinopis)
döräpdir. Taryhdan belli bolşy ýaly, Şumerler döwletiniň ýykylmagy bilen, olar
özbaşdaklygyny ýitirýärler we wawilionlar bilen garyşýarlar. Şol döwürde şumerwawilion medeniýeti ösüpdir.
Matematika gadymy Wawilonda biziň eramyzdan öň döräpdir. Wawilon diýip
biziň eramyzdan öň 2000–nji ýyldan 200-nji ýyla çenli döwürde Tigr we Ýewrat
derýalarynyň aralygynda ýerleşen döwletleriň toplumy atlandyrlypdyr. Bu döwletlerden biziň günlerimize gelip ýeten (Gadymy Wawilonlylaryň) 44 sany matematika
boýunça işleri dürli ýurtlaryň muzeýlerinde saklanylýar. Ol işler palçykdan edilen
plitkalaryň ýüzüne ýazylypdy.

Hasaplama ýazylan wawilon tablisasy.
Wawilonlylaryň klinopis ýazgylarynyň köp mukdary (500000–den köprägi, olardan 400 töweregi matematika bilen baglanşyklydyr) biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Şonuň üçin biz Wawilon döwletiniň alymlarynyň matematikadaky üstünlikleri barada ýeterlik düşünjeler alyp bilýäris.
Wawilonlylaryň medeniýetiniň (klinopis ýazgylary, hasaplamagyň usulýeti we
ş.m.) köp babatda şumerlerden miras galandygyny bellemelidiris. Wawilon matematiki tekstlerinde meseleler çözülende ulanylýan hasaplaýyş tärleri müsürlileriňkä garanyňda has kämil bolup, çözülýän meseleleriň sany has köpdir. Matematiki tekstlerde ikinji derejeli deňlemeleri, geometriki progressiýany çözmeklige degişli meseleler bar. Ol meseleleri çözmekde proporsiýalar, orta arifmetik baha, prosentler ulanylypdyr. Progressiýalary işlemek usullary hem müsürlilere garanyňda has kämildir. Matematiki tekstlerde kub deňlemeleri, çyzykly deňlemeleri çözmekde geometrik adalgalar ( ab köpeltmek hasyly meýdan, abc — göwrüm we ş.m. diýlip atlandyrylypdyr) ulanylypdyr.

Aşyrmämmet ALÇEKOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:05 pm, Sep 20, 2024
temperature icon 23°C
ясно
Humidity 35 %
Pressure 1017 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 2%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti 9-njy maýda Moskwada geçiriljek harby ýörişe gatnaşar

Next Story

Met Gala 2024-iň iň gowy lybaslary

Soňkylar Makalalar

ISGENDERGALA

20.09.2024
Rowaýatçylaryň aýtmagyna görä, bu galanyň adynyň «Isgendergala»bolmagynyň sebäbi şeýledir: Gadym wagtlarda Balkan daglarynyň düýbüni etekläp oturan obanyň ortasynda uly gala bolupdyr. Ol galanyň adamlary

Garaşsyzlyk – ýurdumyzyň sarsmaz geljegidir!

20.09.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp zamana. Şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar ilimiziň senenamamyzyň ajaýyp, naýbaşy baýramy bolan mukaddes

Grammatik derňew nusgalary

20.09.2024
Türkmen dilini grammatika taýdan derňemegiň esasy üç görnüşi mälimdir: fonetik derňew, morfologik derňew, sintaktik derňew. Fonetik derňew sözleriň ses düzümini derňemekdir. Munda sözi emele
GitTop