Düýn, 25-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, milli diplomatik gullugyň wekilleriniň öňünde çykyş etdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, ählumumy hem-de sebitleýin meseleler, olaryň oňyn çözgüdinde ulanylýan diplomatik gurallar barada giňişleýin durlup geçildi. Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri öz çykyşynda türkmen topragynda bildirilýän myhmansöýerligiň we hoşniýetliligiň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen diplomatiýasynyň ýokary okuw mekdebiniň wekilleri rus wekiliýetiniň ýolbaşçysyna gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça sowallary berdiler.
«THE ASHGABAT TIMES».