Ýakynda Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny berjaý etmek üçin giden ildeşlerimiz Watanymyza dolanyp geldiler. Ildeşlerimiz keramatly ýerlerde asylly däbe öwrülen ýagşy dessurlary agzybirlikde ýerine ýetirdiler.
Ildeşlerimiz Medine şäherinde pygamberimiz Muhammet aleýhyssalamyň we onuň sahabalarynyň aramgählerine, belli metjitlere, keramatly ýerlere zyýarat edendiklerini, Mekge şäherinde Zem-zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly mukaddes ýerlerde bolup, keramatly Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanandyklaryny belleýärler. Haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Gahryman hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýyl ýurdumyzdan Mekgä we Medinä zyýarata giden ildeşlerimiziň umumy sany 3 müňe golaýlaýar. Olar sekiz topara bölünip, kesgitlenen tertipnama boýunça Saud Arabystany Patyşalygynda zyýaratda boldular.
«THE ASHGABAT TIMES».