Dark
Light
25.01.2026
yaslar a THE ASHGABAT TIMES

Watanymyzyň bagtyýar nesilleri

26.06.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini, dost-doganlyk ýörelgelerini has-da pugtalandyrýan düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Munuň özi hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny toý-dabaralar bilen garşylaýan Diýarymyzy dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, öňdebaryjy, gülläp ösýän döwletleriniň birine öwürmek, agzybir türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagyny, nurana geljegini üpjün etmek ýaly asylly tutumlarymyzyň rowaçlyklara beslenmeginiň binýadyny has-da berkidýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam tapýan köpugurly ösüşlerde, jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmelerde ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty saýylýan ýaş nesliň mynasyp orny bardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtamagy şeýle mizemez hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýar ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda hem-de belent ahlak ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelemekde, strategik maksatnamalarymyzyň geljekde hem rowaçlyklara beslenmeginde ýaş nesillerimiziň mynasyp ornuny pugtalandyrmakda döredilýän şert-mümkinçilikler bolsa sözüň doly manysynda nusgalykdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna daýanyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty arkaly watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly belent ahlak duýgularyny ýüregine-kalbyna keşdelän, dost-doganlygy, hoşniýetli gatnaşyklary gündelik durmuşlarynyň mizemez ýörelgesine öwren, häzirki zaman tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly türkmen ýaşlaryny kemala getirmekde alnyp barylýan köptaraply tutumlar, gazanylýan üstünlikler dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna, mynasyp bahasyna eýe bolýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ägirt uly aladalar edýän hem-de ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman

Roza TAŞPOLATOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

haj zyyarat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler

medeniyet hepdeligi 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ru­hy joş­gu­nyň baýramy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop