bas medeni THE ASHGABAT TIMES

Medeniýet hepdeligi jemlendi

27.06.2025

Döredijilik forumynyň jemleýji güni – 27-nji iýun Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabat gelip, paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy bilen başlandy.

snimok 5 THE ASHGABAT TIMES

Soňra Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy geçirilip, bu ýerde sungat ussatlarynyň giň gerimli konserti guraldy. Ussat aýdymçylaryň, sazandalaryň, tans toparlarynyň hem-de ýaş ýerine ýetirijileriň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň bezegine öwrüldi. Dabaranyň ahyrynda Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
risunok3 1712816347 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Saglyk – esasy baýlyk

yay atmak THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda ýaýdan ok atmak boýunça ýaryş geçiriler

Soňkylar Habar

GitTop