Dark
Light
24.01.2026
arkadag akhann n scaled THE ASHGABAT TIMES

Geljegiň we giň mümkinçilikleriň şäheri

27.06.2025

2023-nji ýylyň 29-njy iýuny iň täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Şol gün dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 336-syny özünde jemleýän Arkadag şäheriniň birinji tapgyry hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Ähli babatda nusgalyk Arkadag şäheri dünýä binagärliginiň öňdebaryjy gazananlaryny we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Şol bir wagtda täze şäheriň ekologik ulgamyna aýratyn üns berilýär, «ýaşyl» şäher ekoulgamy kemala getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, «akylly» şäher häzirki wagta çenli halkara sylaglaryň ençemesine mynasyp boldy.

«Akylly» şäherleriň döredilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin öňde goýan Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini nazarlaýar. Durnukly ösüşiň 17 maksadyndan gelip çykýan adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak, bilimiň, sanly maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek, «ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmak, adamlar üçin oňaýly iş şertlerini döretmek ýaly wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylmagyna oňyn täsir edýär. Şu jähetden alnanda, Arkadag şäheri şu günüň bagtyýarlygyna, geljegiň abadanlygyna gönükdirilen taryhy tutumdyr.

Arkadag şäheriniň gurulmagy bilen, ildeşlerimiziň müňlerçesi täze iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzda her bir adamyň, maşgalanyň döwlet tarapyndan goldanylmagy alyp barýan syýasatymyzyň baş ýörelgesidir. Amala aşyrylýan bu tutumly işler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir.

Roza SAPAROW,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yay atmak THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda ýaýdan ok atmak boýunça ýaryş geçiriler

bitarap 02 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk – dostluk mukamy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop