Watançylyk türkmen perzendine berilýän terbiýäniň süňňündedir, sütünindedir. Ol bize jan bilen, gan bilen geçen iň arzyly gymmatlyk. Şoňa görä-de, türkmen halky Ýer ýüzünde öz topragyny, ýurduny jandan söýýän millet hökmünde tanalýar. Halkymyzyň watançylyk terbiýesi täze eýýamymyzda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň eserleri arkaly dowamata uzaýar.
Milli Liderimiz: «Perzendiň terbiýesiniň esasy mazmuny Watan mukaddesliginde jemlenilýär. Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmegi, jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr» diýmek bilen, terbiýäniň esaslaryny Watan söýgüsi bilen kesgitleýär. Diýmek, öý-ojakdan gözbaş alýan bu ýörelge maşgala jebisligi ýaly synmaz, ene süýdi ýaly halal, ata pendi ýaly mukaddesdir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri» ýaly ajaýyp kitaplarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän milli watançylyk däpleri hakyndaky parasatly söhbetleri döwrüň ýaş watançylaryny kemala getirmekde gymmatly hazynadyr. Elbetde, öz ýurduny janu-tenden söýýän, ezizleýän, onuň ykbalyny öz ykbaly saýýan şeýle beýik şahsyýetleriň göreldesi bilen bolsa türkmen watançylyk taglymaty heňňamlara uzaýar, bakylyga çelgi bolýar.
Merjen GURBANGULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Halaç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.