Ata Watanymyzda medeniýete, sungata, edebiýata uly hormat goýlup, olara parahatçylygyň hem-de ruhy kämilligiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Şu jähetden, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli dialogy ösdürmek ata Watanymyzyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda, ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, medeniýete, sungata aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, daşary döwletlerde bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Diýarymyzda dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günlerini, şonuň ýaly-da, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini yzygiderli geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Olar dostana gatnaşyklarymyzyň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ýardam berýär» diýip belleýär. Dogrudan-da, şeýle ajaýyp dabaralar halklary bitewülige, parahatçylyga çagyryp, köňülleri birleşdirýär, döredijilikli başlangyçlaryň rowaçlanmagyna itergi berýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäreleri milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge köptaraply çemeleşilýändigini, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly ruhy-döredijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny görkezdi.
Gurbanmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.