Eziz Watanymyzyň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar babatda ýaýbaňlandyrylýan aladalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň häzirki we geljekki nesilleriň eşretli durmuşyny üpjün etmegiň ugrunda durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli, ynsanperwer we parasatly syýasatynyň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtaýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda üstünlikli amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň gujur-gaýratyna, netijeli zähmetine, giň dünýägaraýşyna uly ynam bildirilýändiginiň beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri peşgeş bermegi ýaş nesillerimiziň kalbyny buýsanç duýgularyna gaplady. Ýaş nesliň durmuşynda taryhy wakalara beslenen 2023-nji ýylda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi we onuň ilkinji miweleriniň hatarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny görkezýär.
Goý, ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Batyr KURBANOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.