medeniyet we sungat 1 THE ASHGABAT TIMES

Medeniýet halkyn ruhy baýlygy

28.06.2025

Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Aslynda halklary bir birinden tapawutlandyrýan zat şol halkyň medeniýetidir. Medeniýet diýmekligiň özi –nusga bolup galan ýörelge, kabul edilen kada-kanun diýen manyny berýär. Asyrma-asyr, nesilme-nesil geçirilip şu günki güne ýetirlen türkmen medeniýeti juda kämil derejede diýip hasaplap bileris. Türkmen gelin gyzlarynyň halk döredijiliginde tutýan orny bilen, özleriniň mährini garyp taýýarlan milli naharlary bilen, gaýtalanmajak gözelligi özünde jemlän nepiden sypaýy el işleri bilen, henekdir, ýomak gatyp berjäý edilýän türkmen toýlarynyň däp-dessurlary bilen seni çuňňur pikirlenmäne mejbur edýär. 

Türkmeniň çagasy heniz sallançakdaka, özge aýdymlara meňzemeýän bir heň bilen uka giýär. Oňa ene hüwdisi diýilýär. Günüň-gününe ýürekden syzlyp çykýan bu owaz sallançakdaky çaganyň ýüregne ýerleşip ruhyna siňýär. Şonuň üçinem näçe ýaşyndalygyna garamazdan diňe bir zenanlar däl gara daga deňelýän türkmen gerçekleri, aksakal ýaşulylarmyz ene hüwdisini başyny ýaýkap, jadyly owaza bagryny oýkap diňleýär. Heniz ýörjen–ýörjen gyzjagazlaryň öz gurjaklarny hüwdilemesi ene hüwdisiniň adam ruhuna siňýänliginiň subutnamasydyr. Aslynda hüwdi enäniň ýüreginden öz çagasynyň rahatlygy üçin döredilen owaz bolup ol türkmen medeniýetiniňbirje bölegidir. Aslynda türkmen haly toýdyr-baýramlara baý halk.

 Mähriban Arkadagymyz medeni mirasymyzy öwrenmekde, medeniýetimizi dünýä ýaýmak alyp barýan işlerinde bize ähli  mümkinçilikleri döredip berdi. Bu bolsa türkmen medeniýetiniň dünýäniň ýüzine tanalmagy üçin ädilen ynamly ädimlerdir. Şeýle saparlarda soňlanýan çäreleriň ahyrynda daşary ýurtlylaryň ählisi türkmen milli küşdepdi sazyna goşulyp tans etmegi türkmen medeniýetiniň jadysyna düşmeklik üçin türkmen bolup dogulmagyň esasy zat däldigini görkezýär. 

Özboluşly medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, mundan beýläk-de baýlaşdyrmak döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Bu ugurdaky işler häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilip, medeniýet we sungat işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olara döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler döredilýär. Ýöriteleşdirilen mekdepleriň, oba medeniýet öýleriniň sany artýar, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Döwletimiz tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde, bilim, ylym, medeniýet we beýleki ugurlar boýunça halkara agentlikler, gaznalar, guramalar bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Şu pursatdan peýdalanyp medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumly işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Ogulsapar ATDAÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
pv4yakottbhsjfoewq3blgtbmu7u7hn8b2ukogvd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

wniiljuxo2me8oxwvlbcgmcueub9zlch2cxwxk5h THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrýarlar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop