Tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümetine, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tabşyryklary berýär. Türkmenistanyň ösüşiniň geljegi daşarky şertler bilen, ýagny dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň barşynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda ählumumy we häzirki zaman meýilleri esasynda emele gelen daşarky täsirleri nazara almak bilen, her bir pudagyň öňünde goýlan wezipelere gaýtadan garamak zerurdyr. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda degişli infrastrukturany döretmek, tehniki taýdan üpjün etmek babatda uly işler alnyp barylýar. Şunda şähergurluşyk ulgamynyň ösüşini mysal hökmünde görkezmek bolar. Sanly, maglumat-aragatnaşyk ulgamlaryny we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň giň gerimi milli binagärlik däpleriniň, dizaýnyň häzirki zaman ýörelgeleriniň sazlaşygyny emele getirýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň gurluşygynda-da öz beýanyny tapýar.
Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önüm öndürijilere önümi ýerlemegiň ähli tapgyrlaryna onlaýn görnüşde gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Ol taýýar önümleri ugratmakdan onuň bellenen ýere çenli bolan aralygy, ýola sarp edilen wagt, ýüküň agramy, saklanyş derejesi, ugradylýan ýurduň hem-de alyjynyň ady baradaky maglumatlary berip durýar. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda çözmäge, harytlaryň içerki, häzirki mahabat ýagdaýyny, alyjylaryň isleglerini nazara almak arkaly olary daşarky bazarlara ibermegiň amatly ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär.
Internetiň ösmegi hem-de smartfonlaryň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen baglylykda, mobil goşundylar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Olary ulanyjylar her gün özleriniň hasabyny barlamak, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmek, geçirimleri, hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ençeme gezek ulgama girýärler. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze sanly önümleriň durmuşda giňden ulanylýandygy bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýeti innowasiýalaşdyrmagy çaltlandyrmak, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ylmy gözlegleri köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak, öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny jemgyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak boýunça alyp barýan döwlet syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Resul ÖWEZGELDIÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby