Ýaşlyk — ömrüň bahary, nurly şamçyragy. Şonuň üçinem ýaşlarda güýç-kuwwat, gaýrat, ýagty geljege bolan uly ynam bar. Her bir güni toý-baýrama beslenýän mähriban Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn uly üns berilýändigi hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen ganatly jümleleriniň hakykat ýüzünde amala aşýandygyndan habar berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän tutumly işleriň netijesinde Diýarymyzda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri babatda zerur şertler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem ýurdumyzda ýaş nesil babatdaky alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Munuň özi ýaşlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornunyň örän uludygyny ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän köptaraply özgertmeleriniň düýp özeni hem şeýle asylly maksatlara gönükdirilendir. Bildirilýän beýik ynamy ödemek bolsa ýaşlaryň perzentlik borç-wezipesidir. Halal zähmeti ömrüniň mazmunyna öwren bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim ulgamlarynda belent sepgitlere eýe bolmaklary hem döwrebap özgertmelere mynasyp goşant goşmaga uly itergi berýär.
Goý, päk göwünli, arassa ahlakly, maksada okgunly ýaş nesilleriň uly üstünlikleri gazanmagy ugrunda alnyp barylýan beýik işler dowamat-dowam bolsun! Ýaşlara ähli ugurlarda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Firuza BAGTYÝAROWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.