Dark
Light
26.01.2026
sergi turk THE ASHGABAT TIMES

Stambulda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

04.07.2025

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Giň gerimli sergi Stambul Sergi Merkezinde geçirilýär.

Sergide türkmen önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri hem-de beýleki dürli önümler we ýerine ýetirilýän hyzmatlar görkezilýär.  

Sergi meýdançasynda türkmen milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirilipdir.

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini 5-nji iýulda tamamlar. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mid azer 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Raşid Meredow Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

asfadagffhh THE ASHGABAT TIMES
Next Story

WTO-ň sebitleýin okuw maslahaty: sanitariýa we fitosanitariýa çäreleri gowulandyrmagyň ýollary.

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.
GitTop