Dark
Light
26.01.2026
mid sammit 01 THE ASHGABAT TIMES

YHG-nyň 17-nji sammitinde türkmen tarapy nähili teklipleri öňe sürdi?!

05.07.2025

2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.  

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda 2035-nji ýyla çenli YHG-na agza ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny kesgitlemäge niýetlenen täze maksatnama resminamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi.

mid sammit 02 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda täsirli logistika ugurlaryny döretmegi, energiýa üpjünçilik ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy, ýaşyl energetikany ösdürmegi, söwdany ösdürmek babatyndaky päsgelçilikleri aýyrmagy, maýa goýumlary çekmegi hem-de häzirki zaman tehnologiýalar we innowasiýalar pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi kesgitläp, YHG-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, energiýa çeşmeleriniň ygtybarly daşalmagyny üpjün etmek we sebitiň energiýa howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen, YHG-na agza ýurtlaryň energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak boýunça mehanizmi döretmek mümkinçiligine garamak teklip edildi.

mid sammit 03 THE ASHGABAT TIMES

YHG-nyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen ulag-logistika ulgamlaryny mundan beýläk hem birleşdirmek boýunça iş alyp barmak teklip edildi. Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň üsti bilen işewür toparlaryň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy hem bellenildi.

Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň YHG-nyň sebitiniň mundan beýläk hem birleşmegi we gülläp ösmegi üçin binýady berkitjekdigi nygtaldy.

Çärä gatnaşyjylar sammitiň netijeleriniň YHG-a agza ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga goşant goşjakdygyny bellediler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza milli syyahatcylyk zolagy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň LLDC-ler boýunça üçünji maslahaty 4-8-nji awgustda geçiriler

caga taze tomus THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Taplama çäreleri göwnejaý guralýar

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.
GitTop