Dark
Light
26.01.2026
caga taze tomus THE ASHGABAT TIMES

Taplama çäreleri göwnejaý guralýar

06.07.2025

Şu günler Daşoguz welaýatynyň çagalar bakja-baglarynda çagalaryň tomusky taplama möwsümi dowam edýär. Bu işe welaýatymyzyň çägindäki mekdebe çenli terbiýeçilik edaralarynyň ählisi, şol sanda biziň Daşoguz şäherindäki 22-nji çagalar bakja-bagymyz hem işjeňlik bilen gatnaşýar.

Ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklaryny gazanmakda netijeli işler alnyp barylýar. Tomusky dynç alyş döwründe çagalar baglarynda körpeleriň aň we beden taýdan sagdyn ösüşini ýola goýmak işi utgaşykly alnyp barylýar. Tomus paslynda geçirilýän işleriň özenini taplama çäreleri düzýär. Bu işleri talabalaýyk we göwnejaý guramakda biziň çagalar bakja-bagymyzda öňünden taýýarlyk işleri görüldi. Körpeleriň açyk howada gezelenç etmekleri üçin ýörite meýdançalar taýýarlanyldy. Günüň birinji ýarymynda toparlarda irki maşklar, irki gezelençler, gyzyklanma çäreleri geçirilýär.

Taplama çäresini geçirmegiň maksady çagalaryň saglygyny goramakdyr. Çagalary dogry taplamak lukmanyň we şepagat uýasynyň maslahaty esasynda alnyp barylýar. Tomus aýlary çagalar howa wannalarynda suwda taplanýar. Howa wannalaryna suwa girilen wagty çagalar ýeňil eşikde bolmaly. Güne taplamak irki gezelençde amal edilmeli. Şol pursatda şepagat uýasynyň çagalaryň ýanynda bolmagy zerurdyr. Şunuň ýaly işleriň geçirilmegi körpeleriň şadyýan we sagdyn bolmagyna uly ýardam edýär. Biziň çagalar bakja-bagymyzda geçirilýän gyzyklanma çäreleri hem körpejelerde ýakymly ýatlamalary galdyrýar.

Gurbangül ORAZGULYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 22-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mid sammit 01 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

YHG-nyň 17-nji sammitinde türkmen tarapy nähili teklipleri öňe sürdi?!

dil konsep THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dil bilen dünýäni gezer

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop