Dark
Light
24.01.2026
64059b4502a80 THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp görülýän taýýarlyklar

08.05.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň, şol sanda söz ussatlarynyň ömri-döredijiligini we edebi mirasyny toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak babatda uly işler amala aşyrylýar.

Eziz Watanymyzda häzirki günlerde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemeginiň çäklerinde ýurdumyzda ençeme görnüşli taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şu waka mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem guralýan dabaraly çäreler şygyrlarynda özbaşdak we özygtyýarly döwletiň arzuwyny beýan eden beýik şahyrymyza goýulýan uly sylag-sarpa şaýatlyk edýär.

Ýokary okuw jaýynyň agzybir professor-mugallymlary, şeýle-de bagtyýar talyp ýaşlary bu dabaraly çäräni ildeşlerimizde ýakymly täsir galdyryjy, ýokary derejeli geçirmek maksady bilen köp zähmet çekýärler.
Uly göwrümli medeni çärelerden başga-da, Magtymguly Pyragynyň hormatyna Kopetdagyň eteginde gurlan ajaýyp ýadygärligiň dabaraly açylyşy bolar. Munuň özi, beýik türkmen şahyryň we akyldaryň baý döredijilik mirasyna häzirki nesilleriň çuňňur hormatynyň nyşany bolar.

Şöhrat TÜLEMEDOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

whatsapp image 2022 02 18 at 16.19.48 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arkadagym, Arkadagly Serdarym

20240506 2209581 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Derimod dükanynda arzanladyş!

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop