Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mekdebe çenli ýaşly çagalaryň dil sowatlylygyny ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, häzirki döwürde degişli döwlet maksatnamalaryndan, okuw meýilnamalaryndan we beýleki resminamalardan ugur alnyp sapaklary maksadalaýyk derejede guramak ugrunda biziň çagalar bakja-bagymyzda hem mynasyp işler durmuşa geçirilýär.
Halkymyzda: «Dil bilen dünýäni gezer», «Bir dil bilen bir adam, köp dil bilen köp adam», «Dil bilmek baýlykdyr», «Dil bilen dana, dil bilmeýän — diwana», «Dil — akylyň açary» ýaly nakyllar bar. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem daşary ýurt dilleriniň okadylyşyna aýratyn orun degişli bolup durýar. Daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, çagalaryň sözlük goruny baýlaşdyrmak maksady bilen, innowasion bilim tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden ýerlikli peýdalanyp, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň dil baýlyklary ösdürilýär. Çagalaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşikleri guramak, hepdelikleri geçirmek, göreldeli sapaklary geçirmek, mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek we usuly kömek bermek işleri netijeli alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim-terbiýeçilik işini ýokarlandyrmaga üns berýän we ýaş nesliň ähli babatda kämil kemala getirilmegi ugrunda mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlarlarymyzy aýdýarys. Dünýä dillerini öwrenip, parahatçylyk ýoly bilen ak geljege gadam basmaga ruhlandyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Suraý AŞYRGELDIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň
18-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi,
iňlis dili mugallymy.