Dark
Light
28.01.2026
bmg b THE ASHGABAT TIMES

Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

09.07.2025

Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselesi hem bar. Bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk Milli Liderimiziň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisini, ýagny 17-sini hem resmi taýdan kabul edip we olary milli meýilnamalara, durmuş-ykdysady strategiýalara uýgunlaşdyryp, umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Bularyň ählisi BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 79-njy sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar. Bu sessiýa şu ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda öz işine başlar.

Dürli ulgamlarda bilelikdäki ugurdaş taslamalaryň we maksatnamalaryň, şol sanda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dialogyň netijeli, uzak möhletli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň täzelenen düzüminiň birinji mejlisiniň geçirilendigini bellemelidiris. Onuň dowamynda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» taýýarlamak boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan döwletimiz ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Bägül SAPARMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tejribe, hünär, kämillik

awaza milli syyahatcylyk zolagy 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop