Oba hojalygy adamzady azyk bilen üpjün edýän iň möhüm pudaklaryň biri bolup durýar. Emma häzirki zaman durnukly ekerançylyk usullary köplenç tebigata ýaramaz täsir edýär — topraklaryň zaýalanmagyna, suwlaryň hapalanmagyna, biodürlüligiň ýitmegine we howanyň üýtgemegine sebäp bolýar. Şonuň üçin häzirki wagtda dünýäde agroekologiýa düşünjesine uly üns berilýär.
Agroekologiýa — bu diňe bir ylmy ugur däl, eýsem tejribä esaslanýan durnukly oba hojalyk usulydyr. Ol tebigy ekosistemalaryň iş esaslaryna daýanýar: toprakda maddalaryň tebigy aýlawy, zyýan berijilere garşy biologiki gözegçilik we köpdürli ösümlikleriň özara täsiri ýaly ugurlary ulanyp, himiki serişdeleriň ulanylyşyny azaltmaga kömek edýär.
Agroekologik usullar:
Organiki dökünleriň ulanylmagy,
Rotasiýa ekiş ulgamy,
Köp görnüşli ekinleriň bir meýdanda ösdürilmegi,
Ýerli tohumlaryň we tejribeleriň goldanylmagy.
Agroekologiýa diňe tebigaty goramak bilen çäklenmän, jemgyýet üçin hem peýdalydyr. Ol kiçi we orta oba hojalyk öndürijilerini goldaýar, ýerli bazarlaryň ösmegine mümkinçilik döredýär we azyk howpsuzlygyny üpjün edýär.
Şeýlelikde, agroekologiýa — oba hojalygynda durnukly ösüşiň, ekologiýa bilen sazlaşykly ýaşaýşyň we geljek nesiller üçin tebigy baýlyklary goramagyň möhüm usulydyr. Bu diňe bir ylmy çemeleşme däl, eýsem adamyň tebigat bilen sazlaşykly gatnaşyklarynyň täze ýoludyr.
Tyllagül GYLLYÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby