Dark
Light
28.01.2026
parahat kepderi THE ASHGABAT TIMES

Şöhratly döwrüň täze sahypasy

11.07.2025

Ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylymyzda eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz: «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä aýdyň görkezmelidiris» diýip belleýär.

Berkarar döwletimiziň mertebesi Ýer ýüzünde, zamananyň depesinde baýdak bolup parlaýar. Şunda ýylymyzyň şygary diňe biziň ýurdumyz däl, eýsem, bütin dünýä üçinem örän ähmiýetlidir. Ol berkarar türkmen döwletiniň adamzada berýän gymmatlyklary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Munuň, hakykatdan-da, şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň eserleri arkaly çuňňur göz ýetirmek mümkin. «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Jan Watanym Türkmenistan», «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»… Parahatçylygyň beýik filosofiýasy bu eserleriň adyndan hem görnüp durandyr!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň her bir güni  ajaýyp wakalara, uly üstünliklere beslenip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary has-da rowaçlanýar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr.

Bibinabat NURMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hazar denzi foto THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Deňze çykalga – ykdysady öňegidişlik

bilim mekdep THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ähli döwürleriň baýlygy

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop