Dark
Light
28.01.2026
hazar THE ASHGABAT TIMES

Awazada BMG-niň ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk görülýär

12.07.2025

Türkmenistan döwletimiz oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň hem-de abadançylygyň berkidilmegi ugrunda dünýäniň ençeme döwletleridir halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Şoňa görä-de, hemişelik Bitarap Watanymyzda umumadamzat ähmiýetli iri halkara forumlardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şunda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir.

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan  döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň kabul edilip, oňa laýyklykda, bu halkara maslahatyň şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi maksadalaýykdyr. Maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hataryna girýän ýurtlaryň 32-siniň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, kiçi ada döwletleriniň 47-siniň, az ösen ýurtlaryň 49-synyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň  gatnaşmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda bu iri maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylary türkmen myhmansöýerliginiň asylly däplerine laýyklykda garşylamak, çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmäge ýardam bermek, şeýle-de bu iri halkara maslahaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinden daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaş meýletinçiler hem-de ýaş wagyzçylar taýýarlanyldy.

Meret MEREDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk we dostluk – iň uly gymmatlyk

medal bitaraplyk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly döredildi

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop