dowlet gullugy THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy okuwlaryň haýsy ugurlaryny hödürlär?!

12.07.2025

TDH-da habar berlişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin döwlet gullukçylaryny, şeýle hem magistrleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki okuw ýyly) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň täjirçilik arbitražy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlaryna (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna magistrleri taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli) tölegli esasda talyplary kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aýa çenli) tölegli esasda diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri we talyplary kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
ykdysadyyet THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Şu ýylyň alty aýynda Türkmenistanda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterim boldy

ulag transport THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy

Soňkylar Habar

GitTop