Bu barada 11-nji iýulda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi.
Resminamada, ýatyrylan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işini bes edilip, olaryň binýadynda, degişlilikde, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini döretmek bellenildi.
Şeýle hem «Türkmenhowaýollary» agentligini we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligini, degişlilikde, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy diýip atlandyrmak bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany metbugatda dolulygyna çap edildi.
«THE ASHGABAT TIMES».