talyplyk bosagasy THE ASHGABAT TIMES

Talyplyga dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy

15.07.2025

Düýn, 14-nji iýulda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy.

Ýaşlaryň arasynda giň gerimli maglumat beriş, tanyşdyryş işi bilen utgaşan dalaşgärleri okuwa kabul etmek möwsüminiň ilkinji güni hem ýaş oglan-gyzlaryň täze bilimleri öwrenmäge, netijede, Watanymyzyň intellektual, ykdysady kuwwatyna öz goşantlaryny goşmaga höweslidigini tassyklaýan ýokary işjeňlige eýe boldy. Mekdebi tamamlan uçurymlar üçin ýokary we orta hünär okuw mekdepleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite gepleşikler taýýarlanylyp, makalalar çap edildi. Şeýle hem bilim edaralarynda “Açyk gapylar” günleri geçirildi.

Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, täze hünärleriň açylmagy, hünär bilimi ugurlarynyň giňeldilmegi bu babatda täze anyk ädimler bolar. Şunda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryny 30-njy iýul — 25-nji awgust aralygynda geçirmegiň bellenilendigini hem nygtamak gerek.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
cagalar bagy terbiyeci surat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ähli alada eziz körpeler üçin

deniz bas surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Geografik aýratynlygy mümkinçiliklere öwrüp…

Soňkylar Habar

GitTop