Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 23-nji çagalar bakja-bagynda çagalara gije-gündizleýin hyzmat edilýär. Bu barada welaýatyň “Türkmen gündogary” gazeti habar berýär.
Maglumat berlişi ýaly, bu ýerde indi 56 ýyldan gowrak wagtdan bäri körpelere bilim-terbiýe berlip, ak mekdebe ugradylýar. Bu ýerde döredilen mümkinçilikler bolsa barmak büküp sanardan juda köp. Çagalar bakja-bagynda toparlaryň 18-si bolup, olaryň biri gije-gündizleýin işleýär. Bu bolsa gijeki iş çalşygynda bolýan ildeşlerimiz üçin örän amatly mümkinçilikdir.
«THE ASHGABAT TIMES».