Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde guryýer we suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu, aýratyn hem, deňze çykalgasy bolmadyk we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletleriň çäklerine degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2001-nji ýyldaky Kararnamasy esasynda bu meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin ýöriteleşdirilen edara döredilip, her 10 ýyldan onuň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahaty geçirilýär. Ýeri gelende, bu maslahatyň ilkinjisiniň 2003-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçirilip, Hereketleriň Almaty maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny bellemek gerek. Ikinjisi bolsa 2014-nji ýylda Awstriýada geçirilip, 2014 ― 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasy kabul edildi.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, dünýä ýurtlarynyň 32-si deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hasaplanýar. Olar, esasan, üç yklymda ― Afrikada, Ýewraziýada we Günorta Amerikada ýerleşýär. Şoňa görä-de, halkara hukugyndan ugur alnyp kabul edilen BMG-niň Deňiz kanuny baradaky Konwensiýasynyň onunjy bölümi islendik ýurduň deňze çykmagyny kepillendirýär. Şunda deňizdäki ähli içerki yklymyň gämileriniň beýleki gämiler bilen deň hukuklara eýedigi bellenilip, üstaşyr gatnawyna rugsat berýän ýörite döwletara şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berilýär. Halkara kadalara ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz ulag ulgamynda netijeli iş alyp barýan halkara guramalaryň biri bolan Halkara Deňiz Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Ýeri gelende, 8-nji iýulda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini aýratyn bellemek gerek. Şeýlelikde, bu halkara forumyň Hazaryň türkmen kenarynda geçirilmegi Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüljekdigini ynamly aýdyp bolar.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.