awaza forummm THE ASHGABAT TIMES

Dostluk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak

14.07.2025

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde Baş Assambleýanyň «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamasy kabul edildi. Şunda bu ýokary derejeli maslahaty Türkmenistanda guramak baradaky çözgüt goldanyldy.

Ýakynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Şeýle hem 8-nji iýulda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini buýsançly bellemelidiris. Bu bolsa ählumumy hyzmatdaşlygyň ygtybarly esaslaryny berkitmäge ýardam etmek bilen, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

BMG-niň Awazada geçiriljek üçünji maslahaty diňe bir deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň döwletara gatnaşyklaryny kämilleşdirmek üçin däl, eýsem, halkara ykdysady we syýasy gatnaşyklara goşant goşmak üçin hem möhüm bir ädime öwrüler. Şeýlelikde, deňze çykalga diňe bir fiziki taýdan däl, eýsem, syýasy we ykdysady taýdan bu ýurtlar üçin täze mümkinçilikleriň gapylaryny açýar. Dünýä derejesinde bu maslahatyň ähmiýeti has-da ulalýar, çünki bu mesele diňe bir bir ýurduň ýagdaýyna täsir etmeýär, eýsem, bütindünýä ykdysadyýetine, halkara hyzmatdaşlygyna we durnuklylyk meselelerine uly täsir edýär.

Bereket ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
hazar 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza forumy: garaýyşlaryň hem-de maksatlaryň bitewüligi

awaza milli syyahatcylyk zolagy 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop