Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 13-nji iýulda guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda Milli Liderimiz 7 sany esasy ugur boýunça geçiriljek maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini nygtady.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edildi. Resminama laýyklykda, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasy (2024 — 2034-nji ýyllar) «Awaza» maksatnamasy» diýlip atlandyrylar. Bu maslahaty döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde “Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek” atly mowzuk boýunça geçirmek karar edildi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Her bir döwlet öz geografik ýerleşişiniň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna, milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Türkmenistan hem iki yklymyň çatrygynda amatly ýerleşýän döwlet hökmünde, ýurtda ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden peýdalanýar. Umuman aýdylanda, deňizüsti gatnawlary amala aşyrmakda hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň deňiz derwezesiniň mümkinçilikleri örän uludyr. Şu nukdaýnazardan Hazar geçelgesi Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda iň gysga, bäsdeşlige ukyply söwda ýoly hasaplanýar.
Baýramtäç ORAZTAGANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.