Dark
Light
26.01.2026
awaza milli syyahatcylyk zolagy 2 THE ASHGABAT TIMES

Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

14.07.2025

4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekip, bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maýynda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC-3) geçiriljek ýerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy, Ministrler Kabinetiniň şu meselä bagyşlanan giňişleýin göçme mejlisini geçirmegi iri foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde möhüm ähmiýete eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz Hökümet mejlisinde maslahatyň hem-de onuň bilen bagly ugurdaş çäreleriň guramaçylyk meselesine iňňän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan dürli ugurlar boýunça giň möçberli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olaryň guramaçylyk we taýýarlyk işleri örän ýokary derejede alnyp barylýar. Bu köpýyllyk tejribäniň netijesidir. Awazada 2022-nji ýylyň awgustynda-da Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat üstünlikli geçirilipdi. «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzukda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän forum bolsa BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan oňa ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini bilýän talyplaryndan meýletinçiler taýýarlanylýar. Forum birnäçe möhüm çäreleri öz içine alar. Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi bilelikdäki tagallalary talap edýän ugurlar boýunça ýurdumyzyň başlangyçlaryna uly hormat bilen garalýandygyny görkezýär.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin niýetlenen, 17 maksady hem-de 169 wezipäni özünde jemleýän BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary garyplygy aradan aýyrmaga, ekologiýany gorap saklamaga, deňligi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu maksatlary ýurdumyzyň şertlerine uýgunlaşdyrmak hem-de döwlet syýasatyna goşmak işleri 2016-njy ýylda başlandy. Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek bilen, ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardygyny nobatdaky gezek görkezer.

Jennet ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik­-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza forummm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dostluk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak

awaza for 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Awaza forumy: taryhy tagallalaryň ykrarnamasy

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop