talyp bilim yaslar THE ASHGABAT TIMES

Döwrebap hünärler – täze gözýetimler 

17.07.2025

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek üçin resminamalary tabşyrmak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Diýarymyzyň obasenagat toplumynyň işgärlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebinde — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem bu möwsüm ýokary guramaçylykda geçirilýär.

Güneşli Diýarymyzda hünäre, ylma-bilime hyjuwly ýaşlar diýseň kän. Döwrebap bilim almagy hem-de arzyly hünäriniň eýesi bolup, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, dürli ulgamlarda işlemegi arzuw edýän ruhubelent ýaşlaryň synaglara ykjam taýýarlanandygyny takyklajak, zehinli ýaşlaryň müňlerçesine talyp bolmak bagtynyň miýesser etjek günleri indi daşda däl.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýäde intellektual we tehnologik bäsdeşligiň döwründe bilim döwletimiziň döwrüň talabyna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün edip biljek kesgitleýji şert bolup durýar. Şoňa görä, milli ykdysadyýetimiziň zerurlyklaryna laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hünärleriň hem-de taýýarlygyň ugurlarynyň ençemesi açylyp, dürli ugurlarda degişli derejedäki hünärmenler ýetişdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen okuw ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy», «Zootehnik» taýýarlyk ugurlary boýunça magistrleriň okuwlary ýola goýlup, ilkinji miwelerini berip başlady.

Talyplyga dalaşgärler täze hünär ugurlaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Olardan resminamalary kabul etmek boýunça dowam edýän jogapkärli möwsümiň günsaýyn giň gerime eýe bolmagy hünäre, ylma-bilime hyjuwly ýaşlaryň köpdügini görkezýär. Resminamalaryny tabşyrýan ýaşlar bilen gürrüňdeş bolanyňda, olar göwün söýen hünäri boýunça kämil bilim almagy, hünär öwrenmegi, ökde hünärmen bolup ýetişmegi, şeýlelikde, geljekde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy belent maksat edinýändiklerini aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň döredýän giň mümkinçilikleri üçin ýaşlaryň alkyşlary bimöçberdir.

Gülşat SETDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
avaza THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awaza – halkara hyzmatdaşlygynyň täze belentliginde

awaza forum 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Meýletinçi-ýardamçylar BMG-niň Awaza forumyna taýýarlanýar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop