azerbaijan and turkmenistan join united nations e cmr protocol 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – Azerbaýjan: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

18.07.2025

Häzirki döwürde ýurdumyzda taryhy we ynsanperwer umumylygy birleşdirýän milletler we döwletler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Aýdylanlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen özara hyzmatdaşlygy döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasda yzygiderli ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasynda saparda bolmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm sahypany açdy.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Iki döwletiň arasynda uzakmöhletleýin özara gatnaşyklaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Soňky ýyllarda bu iki döwletiň arasynda netijeli syýasy gatnaşyklar ýola goýulyp, şol sanda döwletara gatnaşyklaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryny giňeltmek boýunça hyzmatdaşlyk giň gerimde alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen we azerbaýjan halklarynyň umumy taryhy kökleri bolup, iki halkyň aňyrsy hem oguzlardan gaýdýar. Özara gatnaşyklar berk taryhy binýada, iki halkyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna we garyndaşlygyna, hyzmatdaşlygyň strategik mümkinçiliklerine, iki ýurduňdyr olaryň halklarynyň abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine syýasy, ykdysady mümkinçilikleri gönükdirmäge taýýarlygyna esaslanýar. Ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berýärler. Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Respublikasy ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. 

Görnüşi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda amala aşyran şu gezekki sapary hem munuň aýdyň beýanydyr. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşygyň geçirilmegi ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Sare ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:48 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
awaza sayt THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awaza forumynyň resmi internet saýty hereket edýär

awaza sport toplumy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dostluk ýollary Awaza uzaýar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop