Hazaryň türkmen kenary bu gün ýene-de taryhy wakanyň öňüsyrasynda dur. Awazada guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna barha ýakynlaşýarys. Öňde duran forum baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna aýratyn ýaraşyk, taryhy dereje berer. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligine öwrüler.
Bütindünýä Söwda Guramasynyň maglumatlaryna görä, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň söwda çykdajylary, kenarýaka ýurtlaryňka garanyňda, iki esse ýokarydyr. Şeýle ýetmezçilikleriň aradan aýrylmagy bu ugurdaky işleriň täze nusgalaryny, maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyny, durnukly we bäsdeşlige ukyply üstaşyr ulag ulgamyny döretmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagy hem-de olary maliýeleşdirmegi talap edýär. Bu talaplar Durnukly ösüş maksatlarynyň giň ugurlary bilen eriş-argaç baglanyşýar. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça her 10 ýyldan bir gezek guraýan nobatdaky maslahaty bu babatda ygtybarly gatnaşyklary ýola goýmaga, bar bolan meselelere ünsi çekmäge, anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berer.
Maslahat dünýä ilatynyň 7 göterimine golaýyny emele getirýän we 32 ýurtda ýaşaýan 570 milliondan gowrak ilatyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly örän möhüm duşuşyk bolmak bilen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini herekete getirip, oňyn hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksat edinýär. 32 ýurduň 16-synyň Afrikada, 12-siniň Aziýada, 2-siniň Latyn Amerikasynda, 2-siniň Merkezi we Gündogar Ýewropada ýerleşýändigi bolsa ony bütindünýä ähmiýetli syýasy çärä öwürýär. Forumda innowasion çözgütleriň öňe sürülmeginiň, strategik hyzmatdaşlygyň ilerledilip, maýa goýumlaryň artdyrylmagynyň bar bolan meseleleri çözmäge, täze mümkinçilikleri açmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir. Şunda söwdanyň ýeňilleşdirilmegini, infrastrukturanyň ösüşini, ykdysady köpugurlylygy üpjün etmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlara aýratyn orun degişlidir.
Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.