Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 13-nji iýulda guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda Milli Liderimiz 7 sany esasy ugur boýunça geçiriljek maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini nygtady. Olaryň hatarynda Parlament forumynyň hem bolmagy ýurdumyzda parlament diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde täze mümkinçilikleri döreder.
Parlament forumy — bu maslahatyň çäginde meýilleşdirilen ýokary derejedäki mowzuklaýyn çäreleriň biri bolup durýar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasynyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde guramagynda geçiriler. Parlament forumyna bu iri halkara maslahata öz milli wekiliýetleriniň düzüminde gatnaşýan parlament wekilleri, Parlamentara Bileleşigiň we Arkalaşygyň Parlament birleşiginiň wekilleri hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşarlar. «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly Parlament forumy öz işini 4 ugur boýunça, ýagny «Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we täze mümkinçilikler», «Deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan ýurtlara ýaýraýan köptaraplaýyn söwda ulgamyny kemala getirmek we pugtalandyrmak», «Parahatçylygy, ynanyşmagy we hasabatly dolandyryşy döretmek: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda durnukly ösüşe ýardam edýän şertler», «Parlament wekilleriniň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, hereketleriň meýilnamasy boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam eder.
Ýeri gelende aýtsak, Parlament forumy BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahatynyň çäginde ilkinji gezek geçirilýär. Bu birnäçe sebäpler bilen düşündirilýär. Mälim bolşy ýaly, parlament her bir ýurtda kanunçykaryjy häkimiýet bolup, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunlary kabul edýär. Şonuň ýaly-da, döwlet syýasatynyň işlenilip düzülmeginde, ýerine ýetirilmeginde we oňa gözegçilik edilmeginde netijeliligi, aýanlygy we hasabatlylygy üpjün edýär. Şu nukdaýnazardan, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda parlamentlere bu iri maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilýän hereketler maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini we onuň bahalandyrylmagyny ýokarlandyrmakda möhüm orun degişlidir.
Akmurat ÝAKŞYMURADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.