Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerine garaldy hem-de geljekde dürli ulgamlaryň, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hökümet mejlisiniň dowamynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek barada hem tabşyryklary berdi.
Her bir döwletli işi maslahatlaşyp, geňeş bilen başlamak halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän asylly däpleriniň biridir. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günleri geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi bu asylly däbi ýöretmegiň, milli demokratiýamyzyň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň mysaly bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda, milli demokratiýany has-da kämilleşdirmekde taryhy ähmiýete eýe bolýan şeýle ählihalk forumynyň gün tertibine girizilýän wezipeler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýär. Halkymyzyň abadan durmuşynyň, bagtyýarlygynyň iň ýokary derejesiniň üpjün edilýändiginiň ajaýyp alamatlary bolsa dürli ugurlar boýunça gazanylýan ösüşlerde aýdyň görünýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar». Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, dynç almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Täze taryhy döwrümizde biz – ýaşlara bildirilýän ynam örän uly. Gahryman Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýen ganatly sözleri bizi beýik işlere ruhlandyrýar. Şeýlelikde, milli däp-dessurlarymyza eýerýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesliň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar.
Gurbangül BAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.