awaza gun THE ASHGABAT TIMES

Awaza forumy – strategik platforma

17.07.2025

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Bu başlangyç diňe bir ykdysady taýdan däl, syýasy we medeni taýdan hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu çäre Türkmenistanyň halkara derejesindäki başlangyçlarynyň üstünlikli dowamydyr.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty diňe bir halkara forum däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň arasynda ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän strategik platformadyr. Türkmenistanda geçirilmegi bilen bu forum diňe bir geografik taýdan däl, eýsem, diplomatik taýdan hem möhüm ähmiýete eýe bolýar. Maslahatyň netijesinde, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň halkara söwda ulgamyna gatnaşmagyny ýeňilleşdirýän täze strategiýalaryň kabul edilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly halkara taslamalaryň öňe sürülmegi mümkin bolup durýar. Ekologiýa, energetika hem-de sanly arabaglanyşyk ugurlarynda bilelikdäki başlangyçlaryň döredilmegi arkaly bu ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyny täze sepgitlere çykarmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Hereketleriň täze maksatnamasyny kabul etmegi netijesinde, ýurtlaryň ösüş strategiýalarynyň halkara derejesinde utgaşdyrylmagyna giň mümkinçilikler açylar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bagtyýarlygyň we dost-doganlygyň mekanydyr. Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän Awazada halkara derejede duşuşyklar, dialoglar, forumlar, konsertler we festiwallar yzygiderli geçirilip, dünýä döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejelere götermekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleriniň beýik hakykat bolup dabaralanýandygyna bu ajaýyp künjekde geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtar boýunça üçünji maslahatynyň mysalynda hemmeler ýene bir ýola aýdyň göz ýetirer. 

Mahym ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
awaz wpb THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hazaryň türkmen kenarynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

hazar 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Awaza forumy: ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-birege hormat

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop