Şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň onlarça döwletiniň wekillerini kabul eder. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty (LLDC-3) halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ýol açar. Maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň artýandygyny, onuň dünýä bileleşiginiň möhüm meselelerine işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň halkara forumy ilkinji gezek 2003-nji ýylyň 28-29-njy awgustynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirildi. Bu taryhy maslahatda ýurtlaryň geografik çäklendirmeleriniň ykdysady ösüşe ýetirýän täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara maslahatda Hereketleriň Almaty maksatnamasy kabul edildi, bu maksatnama halkara hyzmatdaşlygyň esaslaryny düzýän resminama hökmünde taryha girdi. Ikinji gezek bu halkara maslahat 2014-nji ýylyň 3 — 5-nji noýabrynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirildi. Bu forumda ulag we logistika ulgamyndaky kynçylyklar hem-de bazar gatnaşyklaryna doly gatnaşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hereketleriň Wena maksatnamasy bu maslahatda kabul edildi, ol ösüş strategiýalarynyň utgaşdyrylmagynda möhüm çäreleriň biri boldy. Bu iki maslahat halkara hyzmatdaşlygyň esaslaryny düzdi. Üçünji forum bolsa öňki tejribä esaslanmak bilen, täze mümkinçilikleriň döremegine esas döredýär.
Şeýlelikde, Awazada BMG-niň howandarlygynda geçiriljek ýokary derejeli maslahat häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça köptaraply halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ädim bolar. Goý, dünýäde ählumumy abadançylygyň hatyrasyna parasatly başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Selbi HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.